Sorag-jogap

Gitizmek üçin arzany nähili tabşyrmaly (gapjygy doldurmak)?

Türkmenistanda WebMoneý gapjygy Doldurmak diýlen sahypasynda, Siz WebMoneý doldurmak barada getirilen mysalynda görkezmesi bilen tanyş bolup bilersiňiz. Beýleki ulgamlar üçin hem edilýän hereketler birmeňzeş bolup durýar.

Çykarmak üçin arzany nähili tabşyrmaly (nagt almak üçin)?

WebMoney/ Ýandeks gapjyklaryndan pul serişdeleri çykarmak üçin, Türkmenistnada WebMoneý gapjygyndan pul serişdel;erini Çykarmak baradaky sahypasyndaky görkezmeleri bilen tanyş bolup bilersiňiz. Ýandeks Pul we beýleki ulgamlar üçin hem edilmeli hereketler birmeňzeş.

Men pasportymdaky maglumatlary ýakyn wagtda düzeltdim (şahadatnama aldym) , pul serişdesini а деньги häzire çenli çykaryp berenok. Näme üçin?

2010-njy ýylyň 15-nji aprelinde WM pul serişdelerini çykarmak üçin täze çäk girizdi. Şahadatnamanyň maglumatlary çalşan pursadyndan soň, öz gapjygyňyzdan pul serişdeleri çykarmak üçin işleri amala aşyryp bolar ýaly, azyndan 7 gün geçmeli.

Meniň adymdan, özge adam pul serişdelerini alyp bilermi?

Nagt pullar diňe gapjygyň eýesine berilýär.
Mundan başga-da, pul serişdeliri alyş-çalyş nokadynyň gapjygyna geçirilen wagtynda alyjy barada maglumatlar görkezilýär. Eger-de görkezilen maglumatlar gabat gelmedik ýagdaýynda, geçirim amala aşyrylyp bilinmez we WM ulgamynyň talaby boýunça onuň iberenligi we täzeden üstünde işlenilenligi üçin çykdaýjylaryny aýryp yzyna gaýtarylar.

Mende häzirki wagt pasport ýok. Başga resminama boýunça pul alyp bilerinmi? (sürüjilik şahadatnama, harby şahadatnama, talyp şahadatnama we ş. m.)

WM ulgamynda şahadatnama alan wagtyňyzda Siziň görkezen pasportyňyz bolmasa, nagt pul serişdelerini alyp bilmersiňiz. Maglumatlra gabat gelmedik ýagdaýynda, geçirim amala aşyrylyp bilinmez we WM ulgamynyň talaby boýunça onuň iberenligi we täzeden üstünde işlenilenligi üçin çykdaýjylaryny aýryp yzyna gaýtarylar.

Men öz gapjygymy näçe pul serişdesine çenli dolduryp bilýän?

Siziň gapjygyňyzdaky pul ölçegleri, WM (WebMoneý Transfer) ulgamynyň talaby esasynda kesgitlenilýär we Siziň ulanmaga saýlan programma üpjünçiligine we howpsuzlyk derejesine Sizdäki şahadatnamanyň görnüşinden ybarat bolup durýar.
Siziň gapjygyňyzdaky pul möçberiniň jemi,WM (WebMoney Transfer) ulgamynyň şertlerine laýyk gelşine görä kesgitlenýär we sizdäki şahadatnamanyň görnüşine bagly bolýar, ol hem Siziň saýlan programma üpjünçilik we howpsyzlyk derejesini ulanylyşy bolup durýar.

Siziň üstiňiz bilen gapjykdan näçe mukdarda pul serişdelerini çykaryp bilerin?

Nagt pul serişdeleriniň mukdary WM (WebMoney Transfer) ulgamynyň talaplaryna laýyklykda kesgitlenilýär we sişdäki şahadatnama bagly bolýar:

ŞahadatnamaGije-gündizdeAýda
LakamÇykyş mümki dälÇykyş mümki däl
Formal (barlanan maglumatlar bilen)100 müň rubldan köp däl400 müň rubldan az
Başlangyç400 müň rubldan köp däl1 mln.rubldan köp däl.
Şahsy (we ondan ýokary)500 müň rubldan köp däl2 mln.rubldan köp däl.

Töleg çäkleri WM ulgamy bilen hasaplanýandygyna üns beriň!

Eger-de, Siz pul serişdelerini çykarmak üçin başga serwiziň hyzmatlary bilen peýdalanan bolsaňyz, çykarmak üçin pul mukdary az bolar.

 

Işiň düzgüni

Biz açyk: 10:00-19:00

Arakesme: 13:00-14:00

Nyrnamalar

Girizmek:
1000$-a çenli 10%
1000$-dan 8%

Çykarmak: -5%

WebMoney

Dostlaryňa ugratmak